"1С: Ownuk satuw" programma önümi özbaşdak görnüşli hem-de paýlaşdyrylan ownuk tora degişli bolan ownuk söwda nokatlaryň (dükanlaryň) işini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen. Bu programma dükanlaryň ammarlarynda ýerleşýän harytlaryň we kassalaryndaky pul serişdeleriniň hasabatlaryny awtomatlaşdyrmaklyga ýardam edýär.
Funksional mümkinçilikleri
"1С: Ownuk satuw" programmasy aşakdaky ýaly amallary awtomatiki ýagdaýa geçirýär:
Haryt dolanşygynyň hasabatyny ýöretmek:
"1С: Ownuk satuw" programmasy harytlar bilen ýerine ýetirilýän aşakdaky amallary goldaýar:
Kabul etmek we satuw resminamalar dükanyň özboluşlylygyna görä order görnüşde döredilmegi mümkin. Her bir dükan üçin takyk we dogry haryt galyndylaryny üpjün etmek üçin dükanlaryň arasyndaky dolanyşyk diňe order görnüşde döredilýär. Bir dükanyň ammarlaryň arasyndaky harydyň dolanşygy "geçirme orderi" atly aýratyn resminama boýnça ýerine ýetirilýär.
Dükana gelen harytlaryň paýlanmasy öňünden ýerine ýetirilen sazlanmalara görä amala aşyrylýar.